Şu ýylyň 19-njy maýynda Eýran Yslam Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäresi – Prezident saýlawlary geçiriler. Bu saýlawlara ýurduň häzirki Prezidenti Hasan Ruhani bilen bir hatarda köp sanly dalaşgär gatnaşmak üçin isleg bildirdi. Soňky maglumatlara görä, 1636 dalaşgäriň hasaba alnandygy mälim edildi. Olaryň iň kiçisi 18 ýaşynda, iň ulusy bolsa, 92 ýaşynda. Dalaşgärleriň arasynda 137 sany zenan bar.
Prezident saýlawlaryna gatnaşmaga isleg bildiren dalaşgärler mälim edildi. Hasaba alnan dalaşgärleri Eýranyň Gözegçilik geňeşi hem öwrendi. Şonuň netijesinde saýlawlara gatnaşjak dalaşgärler belli boldy.
Ýurduň Içeri işler ministrliginiň saýlawlary geçirmek baradaky bölümi 6 dalaşgäriň gatnaşjakdygy aýtdy. Olar: Mostafa Aga Mirsalim, Eshak Jahangiri, Hasan Ruhani, Ebrahim Raisi, Mohammed Bager Galibaf we Mostafa Haşemi Taba.
Olaryň arasynda şu wagtky Prezident Hasan Ruhaniniň ýeňiş gazanjakdygy aýdylýar. Onuň bu saýlawdaky esasy bäsdeşi Ebrahim Raisi bolar.
Eýran Yslam Respublikasynda geljek aýda 12-nji prezident saýlawlary geçiriler.