Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len il­kin­ji ýo­lag­çy uça­ry sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. “C-919” ky­sym­ly awia­laý­ner uçuş-go­nuş zo­la­gyn­da tiz­lik sy­na­gyn­dan üs­tün­lik­li geç­di. Bu ba­ra­da “Žen­min ži­bao” ga­ze­ti ha­bar ber­ýär.
Be­ýa­na­ta gö­rä, bu uçar il­kin­ji ge­zek sy­nag­dan ge­çi­ril­di. Ol Şan­haý şä­he­rin­dä­ki Pu­dun ho­wa men­zi­li­niň 4-nji uçuş-go­nuş zo­la­gyn­da ama­la aşy­ryl­dy. Mun­dan soň­ra, uça­ryň il­kin­ji sy­nag uçu­şy ama­la aşy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.
Mart aýy­nyň ahyr­la­ryn­da uça­ryň il­kin­ji sy­nag uçu­şy­na teh­ni­ka taý­dan taý­ýar­dy­gy mä­lim edil­di. Hy­ta­ýyň öz ön­dü­ren il­kin­ji ýo­lag­çy uça­ry ada­ty uçuş­la­ry ama­la aşyr­maz­dan ozal, bir­nä­çe sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. 2016-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da onuň he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri bar­la­nyp gör­lüp­di.
“C-919” ky­sym­ly awia­laý­ner 158 ýo­lag­ça ni­ýet­le­ne­ndir we 5,5 müň ki­lo­metr uzak­ly­ga uçuş ama­la aşyr­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe. Ol Hy­ta­ýyň Awia­si­ýa söw­da kor­po­ra­si­ýa­sy (COMAC) ta­ra­pyn­dan gün­ba­tar­ly kom­pa­ni­ýa­lar bi­len bi­le­lik­de ön­dü­ril­di. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Hy­ta­ýyň kor­po­ra­si­ýa­sy 570 uçar sar­gyt al­dy. Ol gel­jek­de 2 mü­ňe go­laý awia­laý­ner ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär.