2017-nji ýylyň birinji çärýeginde Gazagystanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 3 göterime deň boldy. Bu barada ýurduň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew habar berdi.
– Üstümizdäki ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ykdysadyýetde oňat netijeler gazanyldy. Ykdysady ösüş depgini 3 göterime deň boldy. Bu biziň maksatnamalarymyzyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde amala aşdy. Bu ugurdaky işleri dowam etdirmeli we şu ýylyň ahyryna çenli bu görkezijileri oňat derejede saklamaly hem-de ösdürmeli – diýip, döwlet Baştutany Gazagystanyň Premýer-ministri Bakytjan Sagintaýew bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi.
Gazak lideri öňde boljak uly çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda tabşyryklary berdi. Gazagystan şu ýylyň dowamynda halkara derejesindäki birnäçe çäreleri guramakçy. 2017-nji ýylyň 10-njy iýuny – 10-njy sentýabry aralygynda Astana şäherinde “Geljegiň energiýasy” şygary astynda “EKSPO-2017” halkara ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. Mundan başga-da Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti guralar.
Bulardan başga-da şol duşuşykda ýurduň döwlet Baştutanynyň “Gazagystany döwrebaplaşdyrmagyň 3-nji tapgyry: ählumumy bäsdeşlik” ýüzlenmesiniň durmuşa geçirilmegi babatda alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy. Bu babatda ýurduň ähli ministrlikleri, häkimlikleri hem-de kompaniýalary bilen bilelikde ýurdy tehnologiýa taýdan has-da ösdürmek üçin täze maksatnamany işläp taýýarlamak barasynda degişli işler alnyp barylýar.
Premýer-ministriň hasabatyna görä, Gazagystanda şu ýylyň birinji çärýeginde dag-magdan we gaýtadan işleýän senagatda ýokary netijeler gazanyldy.