Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­ny öw­ren­mek­de, go­rap sak­la­mak­da, gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek­de hem-de ede­bi ösüş­le­riň ugur­la­ryn­da köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da tap­la­nan ta­ry­hy mi­ra­sy­my­zy, şa­hy­ra­na tag­ly­mat­la­ry wa­gyz et­mek­de, dün­ýä­niň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ta­nat­mak­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da eser­le­ri bi­len tä­ze dö­re­di­ji­lik mek­de­bi­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne uly ba­dal­ga be­ren Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy köp­le­ri gy­zyk­lan­dy­ryp gel­ýär. Ma­ny­ly we şöh­rat­ly öm­rü­ni hal­kyň aba­dan gel­je­gi­ne ba­gyş edip, umu­my­halk söý­gü­si­ni ga­za­nan, mil­li ede­bi­ýa­tyň göz­baş­la­ry­nyň be­ýik sü­tün­le­ri­niň bi­ri bo­lan meş­hur Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň baý we köp­ta­rap­ly dö­re­di­ji­lik us­sa­ha­na­syn­da tap­la­nan ede­bi mi­ra­sy 300 ýy­lyň do­wa­myn­da iki ýol ar­ka­ly – aý­dy­jy­la­ryň we gol­ýaz­ma­laryň üsti bilen hä­zir­ki gün­le­re çen­li ge­lip ýe­tip­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dil­den ýa­zy­lyp al­nan, ýaý­ra­wy giň bo­lan, hal­ky dil­dä­ki şy­gyr se­tir­le­ri­niň ga­lyp­la­ry­nyň, dö­re­di­ji­lik baý­lyk­la­ry­na de­giş­li bo­lan eser­le­ri­niň ilat ara­syn­da has-da ro­waç­lan­ma­gy­na bag­şy­lar, folk­lor­çy­lar we ýat­dan aý­dy­jy­lar aý­ra­tyn uly go­şant go­şup­dyr­lar. Sun­gat us­sat­la­ryň dö­re­di­ji­lik tej­ri­be­le­ri alym­la­ryň ara­syn­da geç­miş ede­bi­ýa­ty­ny, yl­my­ny we me­de­ni­ýe­ti­ni öw­ren­mek­de iň ta­kyk, do­ly we ynan­dy­ry­jy­lyk­ly çeş­me­ler ha­sap edil­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­na de­giş­li bo­lan dur­muş ýo­ly, dö­re­di­ji­lik us­sat­ly­gy, eser­le­rin­den par­ça­la­ryň ýa­zy­lyp al­nan nus­ga­la­ry ge­ti­ri­len, sak­lan­ýan, ýa­zy­lyp al­nan se­bit­le­ri bo­ýun­ça Da­şo­guz, Stam­bul, Eý­ran, Ahal, Ma­ry, Le­bap, Bu­ha­ra, Lon­don, Daş­kent, Drez­den, Pe­ter­burg, Ba­ku, Et­rek, La­hor, Bu­da­peşt, Aş­ga­bat, Staw­ro­pol ýa­ly to­par­la­ra bö­lün­ýär­ler. XX asyr­da ede­bi­ýa­ty öw­re­niş yl­myn­da tä­ze ugur – mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk mek­de­bi ke­ma­la gel­di we onuň iş­le­ri­niň örü­si has-da gi­ňe­di. Bi­ze 2011-nji ýy­lyň mart, ap­rel, maý, iýun aý­la­ryn­da TYA-nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­tyn­da gul­luk iş sa­pa­ry­my­zyň çäk­le­rin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy bi­len gy­zyk­lan­mak, ylym­da ýe­ti­len sep­git­le­ri öw­ren­mek we mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk mek­de­bi­niň we­kil­le­ri­niň eser­le­ri bi­len iç­gin ta­nyş­mak bag­ty ne­sip et­di. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­nyň öz oba­myz­dan 80 ýyl­dan gow­rak mun­dan ozal dil­den ýa­zy­lyp al­nan nus­ga­la­ry bi­len bag­ly gym­mat­lyk­la­ra duş gel­me­gi­miz şat­ly­gy­my­zy has-da go­şa­lan­dyr­dy. Gör­nük­li alym­lar Baý­mu­ham­met Gar­ry­ýe­wiň, Mä­ti Kö­sä­ýe­wiň, Şa­mu­ham­met Gan­dy­mo­wyň, An­na­gur­ban Aşy­ro­wyň we beý­le­ki on­lar­ça mag­tym­gu­ly­şy­nas­lyk mek­de­bi­niň ta­ny­mal we­kil­le­ri­niň tas­syk­la­ma­gy­na gö­rä, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 700 tö­we­re­gi goş­gu­la­ry, 10-a go­laý poe­ma­la­ry, je­mi 15 müňden gow­rak se­tir­le­ri öz içi­ne al­ýan ede­bi mi­ra­sy bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­tip­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­na de­giş­li gym­mat­lyk­lar hök­mün­de peý­da­la­nyl­ýan we mä­lim bo­lan eser­le­riň kö­pü­si hal­kyň di­lin­den dür­li ýyl­lar­da ýa­zy­lyp al­nyp, dür­li ýyl­lar­da çap edi­len şa­hy­ryň eser­le­ri­niň ne­şir­le­ri­ne gi­ri­zi­lip­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 1983-nji ýyl­da ne­şir edi­len iki tom­luk ki­ta­byn­da şa­hy­ryň 498 sa­ny goş­gu­sy ýer­leş­di­ri­lip­dir. 1900-1960-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da­ky ýa­rym asyr­dan gow­rak döw­rüň do­wa­myn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­na de­giş­li bo­lan mag­lu­mat­la­ryň we eser­le­riň Da­şo­guz, Ahal, Ma­ry, Et­rek, Aş­ga­bat nus­ga­la­ry ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de ýa­şan, kö­pi gö­ren, uzak ömür sü­ren we il için­de ta­nal­ýan adam­la­ryň di­lin­den ýa­zy­lyp al­nyp­dyr. Hal­kyň ara­syn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri­ni ýat­dan bil­ýän, giň göz­ýe­tim­li, ze­hin­li, mil­li dö­re­di­ji­lik ha­zy­na­la­ry­na yh­las­ly çe­me­leş­ýän, şa­hy­ra­na hy­ju­wy do­gum­ly, söz­le­ýiş me­de­ni­ýe­ti la­byz­ly, di­le­war bo­lan adam­la­ryň bir­nä­çe­si ýa­şap ge­çip­dir. Ola­ryň bi­ri hem So­py Ama­now­dyr. Öw­re­nen, diň­län eser­le­ri­ni çalt ka­bul et­mek, ha­ky­da ge­tir­mek we ýat­dan, maz­mun­ly, çe­per gör­nüş­ler­de gaý­ta­dan aýt­mak, uzak wagt­lap ýa­dyn­da sak­la­mak ba­şar­ny­gy, akyl ýe­ti­riş ba­şar­ny­gy, tej­ri­be­si, örü­si, ze­hi­ni örän güýç­li bo­lan So­py aga 1884-nji ýyl­da Gö­rog­ly et­ra­by­nyň hä­zir­ki Dur­dy Gy­lyç adyn­da­ky ge­ňeş­li­gi­niň Ga­ra­gu­lak oba­syn­da dog­lup, ol 1966-njy ýyl­da Gö­rog­ly et­ra­by­nyň Be­re­ket ge­ňeş­li­gin­de ara­dan çy­kyp­dyr. Ol öz döw­rün­de meş­hur Dur­dy Gy­lyç, Öre şyh, Päl­wan bag­şy, Emin ho­ja ýa­ly ta­ny­mal me­de­ni­ýet we­kil­le­ri, gör­nük­li sun­gat us­sat­la­ry bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk sak­lap­dyr. Halk dö­re­di­ji­lik mi­ras­la­ryn­dan, ede­bi ha­zy­na­la­ryň dür­dä­ne­le­rin­den oňat baş çy­ka­ryp, ola­ry kä­mil de­re­je­de la­byz­ly aý­dyp bi­len So­py aga öz döw­rün­de Hy­wa med­re­se­le­ri­niň bi­rin­de okap düýp­li bi­lim alyp­dyr. XX asy­ryň baş­la­ryn­da iki gö­re­jin­den mah­rum bol­man­ka So­py aga gol­ýaz­ma­lar­da, di­wan­lar­da be­ýan edi­len Mag­tym­gu­ly­nyň, An­da­ly­byň, Şa­ben­dä­niň, Ze­li­li­niň, Ga­ýy­by­nyň, Zyn­ha­ry­nyň, Ke­mi­nä­niň, Seý­di­niň, Ta­ly­by­nyň, Mol­la­ne­pe­siň, Kä­ti­bi­niň, Mis­gin­gy­ly­jyň, Döw­let­mäm­met-Bal­gy­zy­lyň, Mä­tä­ji­niň we Aşy­ky­nyň eser­le­ri­niň kö­pü­si­ni ýat tu­tup­dyr. 1941-nji ýyl­da hä­zir­ki TYA-nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gär­ler to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan ede­bi mi­ra­syň ha­zy­na­la­ry­ny top­la­mak, öw­ren­mek, ul­gam­laş­dyr­mak, sel­jer­mek we ne­şir et­mek mak­sa­dy bi­len ýur­du­my­zyň dür­li et­rap­la­ryn­da ge­çi­ri­len hep­de­lik­le­riň çäk­le­rin­de So­py aga bi­len il­kin­ji ge­zek du­şuş­ýar­lar. Şon­da kö­pi gö­ren go­ja alym­la­ra Mag­tym­gu­ly­nyň 299-dan gow­rak goş­gu­sy­ny, akyl­da­ryň maş­ga­la dur­mu­şy, hü­nä­ri, öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi bi­len bag­ly seý­rek duş gel­ýän gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry, aý­dy­şyk ga­zal­la­ry­ny aý­dyp be­rip­dir. 1958-nji ýyl­da TYA-nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň arap-pars dil­le­ri we ede­bi­ýat­la­ry bo­ýun­ça baş yl­my iş­gä­ri, fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty Baý­ram­mäm­met Ahun­dow ýö­ri­te ge­lip So­py aga bi­len du­şuş­ýar we on­dan XVIII-XIX asyr­lar­da ýa­şap ge­çen 20-den gow­rak şa­hyr­la­ryň ede­bi-ta­ry­hy yk­bal­la­ry ba­ra­da­ky ro­wa­ýat­la­ry, mil­li me­de­ni mi­ra­syň köp­dür­li gör­nüş­le­rin­den par­ça­la­ry, dür­li mag­lu­mat­la­ry we şa­hyr­la­ryň ga­lam­la­ry­na de­giş­li bo­lan ja­dy­ly şy­gyr­la­ryň uly top­lu­my­ny ýa­zyp al­ýar. Alym­lar to­pa­ry şon­da So­py aga­nyň di­lin­den ýa­zy­lyp al­nan Mag­tym­gu­ly­nyň eser­le­ri­niň nus­ga­la­ry­nyň şi­re­li­li­gi, ak­gyn­ly­ly­gy, yzy­gi­der­li­li­gi, çe­per­çi­lik de­re­je­le­ri bo­ýun­ça şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik ru­hu­na go­laý­ly­gy, bent­le­ri­niň möç­be­ri, se­tir­le­ri­niň ter­tip­li­li­gi, saz­la­şyk­ly­ly­gy, teks­to­lo­gik öl­çeg­le­ri­niň de­lil­len­di­ri­ji­li­gi, söz­le­riň lek­sik dü­zü­mi­niň çe­per­çi­li­gi, sag­dyn­ly­gy, dürs­li­gi, ta­ry­hy ha­ky­kat­lar bo­ýun­ça hä­si­ýet­len­di­ril­ýän şert­le­re dog­ru­ly­gy, äh­mi­ýet­li­li­gi, yg­ty­bar­ly­ly­gy we aý­dyň­ly­gy bo­ýun­ça iň kä­mil, dur­nuk­ly we gym­mat­ly gör­nüş­ler­dä­ki ede­bi ta­pyn­dy­lar di­ýip ha­sap edip­dir­ler. So­py aga­nyň di­lin­den Mag­tym­gu­ly­nyň eser­le­ri, yk­ba­ly, maş­ga­la dur­mu­şy we hü­när ede­bi, akyl­da­ryň eser­le­ri­niň med­re­se­ler­de oka­dy­ly­şy, gol­ýaz­ma­la­ryň hä­si­ýet­le­ri­ne (dür­li öl­çeg­ler­dä­ki ka­gyz­la­ryň gy­ra­la­ryn­da gör­kez­mek) kä­tip­ler ta­ra­pyn­dan gö­çü­ri­li­şi ba­ra­da­ky giň top­lum­ly mag­lu­mat­la­ryň il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da ýa­zy­lyp alyn­ma­gy ede­bi­ýa­ty öw­re­niş yl­myn­da, okuw ki­tap­la­ryn­da, gol­lan­ma­lar­da be­ýan edi­liş sep­git­le­riň no­bat­da­ky ösüş tap­gyr­la­ry­na tä­ze ba­dal­ga­la­ry ber­di. Halk dür­le­ri­ne de­giş­li aý­dy­jy­nyň pi­kir­le­ri­niň gym­ma­ty­ny öz döw­rün­de B. A. Gar­ry­ýew, A. A. Gür­gen­li, R. Aly­ýew, R. Re­je­pow, G. Gel­di­ýew, M. Kö­sä­ýew, A. Me­re­dow, D. Nu­ra­ly­ýew, S. Ahal­ly ýa­ly meş­hur mag­tym­gu­ly­şy­nas alym­lar hem gol­dap­dyr­lar. So­py aga­nyň di­lin­den ýa­zy­lyp al­nan gym­mat­lyk­lar TYA-nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň 833-nji, 1633-nji we beý­le­ki köp­san­ly buk­ja­lar­da sak­lan­ýar. Fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň dok­to­ry An­na­gur­ban Aşy­row So­py aga­nyň ta­ry­hy hyz­mat­la­ry­ny özü­niň «Mag­tym­gu­ly­nyň gol­ýaz­ma­la­ry­nyň tes­wi­ri» (1984), «Mag­tym­gu­ly­nyň gol­ýaz­ma­la­ry­nyň der­ňe­wi» (2014), «Mag­tym­gu­ly­nyň gol­ýaz­ma­la­ry: yl­my-teks­to­lo­gik bar­lag­lar» (1995), «Mag­tym­gu­ly­nyň gol­ýaz­ma­la­ry­ny yzar­lap» (1996) at­ly ki­tap­la­ryn­da we dok­tor­lyk işi­niň aw­to­re­fe­ra­tyn­da uly hor­mat bi­len ag­zap ge­çip­dir. Bel­li aly­myň köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýa­zan we öw­re­nen «Mag­tym­gu­ly­nyň gol­ýaz­ma­la­ry­nyň der­ňe­wi» (2014) at­ly ki­ta­by­nyň «Mag­tym­gu­ly­nyň dil­den ýa­zy­lyp al­nan ede­bi mi­ra­sy» (I bö­lü­mi­niň IV ba­by) we «Mag­tym­gu­ly ha­çan dog­lup­dyr?» at­ly bö­lüm­le­rin­de (III bö­lü­mi­niň IV ba­by) So­py Ama­no­wyň hyz­mat­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­len­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri­niň soň­ky 100 ýyl­da Di­ýa­ry­myz­da türk­men di­lin­dä­ki nus­ga­la­ryň 20-ä go­laý ne­şir­le­ri­ne duş gel­mek bol­ýar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri­niň 1960-njy ýyl­dan soň­ky ne­şir­le­ri­ne So­py Ama­no­wyň di­lin­den ýa­zy­lyp al­nan 50-ä go­laý şy­gyr nus­ga­la­ryň gi­ri­zil­me­gi aý­ra­tyn buý­san­dy­ry­jy­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri­niň uly top­lu­my­nyň bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýet­me­gi­ne uly go­şant go­şan So­py Ama­no­wyň ne­be­re­le­ri­niň kö­pü­si hä­zir­ki wagt­da Gö­rog­ly et­ra­by­nyň Be­dir­kent ge­ňe­şli­gin­de ýa­şa­ýar­lar. Dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na gi­ren Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­nyň, çe­per­çi­lik us­sat­ly­gy­nyň köp­ta­rap­ly öw­re­nil­me­gi­ne hem-de dö­re­di­ji­lik gym­mat­lyk­la­ry­nyň top­la­nyl­ma­gy­na uly go­şant go­şan şah­sy­ýet­le­riň yk­ba­ly­nyň we zäh­me­ti­niň wa­gyz edil­ýän döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň ja­ny­nyň sag, mer­te­be­si­niň be­lent, alyp bar­ýan döw­let­li iş­le­ri­niň ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris!

Dä­de­baý Päl­wa­now,
Gö­rog­ly et­rap hä­kim­li­gi­niň hü­när­me­ni.