Uly üstünliklere beslenip, taryhy wakalary bilen şöhratlanan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly tamamlandy. Şanly ýylymyzyň şu ýeňişli menzillerine türkmen telekeçileriniň saldamly goşantlaryny ýatlamak guwanç duýgusyny döredýär. Sebäbi telekeçilerimiziň ýadawsyz aladalary bilen harytlaryň we önümleriň bolçulygynyň döredilmeginde gowy netijeler gazanylýar. Bu bolsa, täze iş orunlarynyň döredilmegine itergi berýär.
Ýakynda Kaka etrabynda ýerleşýän «Hemsaýa» hojalyk jemgyýeti banan ýetişdirmek işine girişdi. Hojalyk jemgyýetiniň banany ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhanasy 5 gektar meýdany tutýar. Türkiýe, Germaniýa, Ispaniýa ýaly öňdebaryjy döwletleriň kämil tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu ýyladyşhana toplumynda diňe bir banany däl-de, eýsem, beýleki tropiki miwe berýän ösümlikleri hem ýetişdirmek bolýar. Ýyladyşhana hojalygynda häzir bananyň «Kawendiş» atly dünýäde iň köp ýetişdirilýän görnüşi ösdürilýär we her gektaryndan ýylyň dowamynda 100 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.
Ýeri gelende bellesek, mundan ozal Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda «Ferhar» hojalyk jemgyýeti we Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ekerançysy M. Hudaýberdiýew öz hojalygynda banan ösdürip ýetişdirmegi ýola goýupdylar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki «Daşoguz» şypahanasyna degişli ýyladyşhanada hem banan ýetişdirilýär. Kiçi we orta telekeçiligiň şunuň ýaly yzygiderli ösüşi, ýurdumyzda telekeçilik başlangyçlaryna hemmetaraplaýyn berilýän goldawyň netijesidir.
Nasiba KARAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.