Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasyna (BMGÖM) täze ýolbaşçy bellener. Guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bu ýokary jogapkärçilikli wezipä Germaniýanyň raýaty Akim Staýneri bellemek hakynda karara geldi. Bu barada Baş sekretaryň resmi wekili Stefan Dýužarrik metbugat ýygnagynda habar berdi.
Onuň habar bermegine görä, Antoniu Guterriş BMGÖM-niň ýerine ýetiriji komiteti bilen maslahatlaşyp, Akim Staýneriň dalaşgärligini hödürledi. BMG-niň Baş Assambleýasy bu teklibe sereder we şonuň netijesinde BMGÖM-niň häzirki başlygy Helen Klark wezipe möhletini tamamlansoň, täze ýolbaşçy işe girişer.
A.Staýner 1961-nji ýylda doguldy. Ol 2006-2016-njy ýyllar aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasynda ýerine ýetiriji direktor bolup işledi. BMGÖM-niň häzirki ýolbaşçysy Täze zelandiýaly Helen Klark bu wezipä 2009-njy ýylda bellenipdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy 160-dan gowrak ýurtda hereket edýär. Guramanyň bu iri düzümi dünýä döwletleriniň durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýakyndan ýardam berýär.
BMG-niň bu iri düzümi 1966-njy ýylda döredildi. Ol 1958-nji ýylda BMG-niň Ýörite gaznasynyň işiniň bes edilmeginiň netijesinde emele geldi. BMGÖM-niň maliýe serişdeleri gurama agza ýurtlaryň meýletin goşýan goşantlarynyň hasabyna jemlenýär.