Mälim bolşy ýaly, Ýewropanyň esasy syýahatçylyk mekanlarynyň biri hasaplanýan Italiýadaky Trewi suw çüwdürimine syýahatçylar tarapyndan şaýy pullar taşlanýar. Rimiň bu suw çüwdüriminiň bir ýyldaky girdejisi 1,4 million ýewro barabar boldy. Bu barada ýurduň “La Repubblica” gazeti habar berýär.
Syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan suw çüwdüriminden jemlenen pul serişdesi haýyr-sahawat işleri üçin sarp ediler. Italiýanyň paýtagtyndaky iri suw çüwdürimindäki şaýylaryň arasynda ýewro, ýen ýaly beýleki ýurtlaryň pul birlikleri hem bar. Suw çüwdüriminden gazanylan girdeji Rimiň milli muzeýiniň bir ýylky girdejisinden hem köp boldy. Muzeýiň girdejisi 1,1 million ýewro deň boldy.
Trewi suw çüwdürimi diňe Rim şäheriniň däl, eýsem, tutuş Italiýanyň iň uly çüwdürimidir. Onuň beýikligi 26 metre, ini 20 metre barabardyr. Ol şäheriň esasy nyşanlarynyň biridir. 2015-nji ýylyň noýabrynda suw çüwdüriminde rejeleýiş işleri geçirildi. Onuň 2,2 million ýewro barabar bolan çykdajylaryny “Fendi” gözellik salony maliýeleşdirdi.
Halkyň arasyndaky yrymlara görä, suw çüwdürimine şaýy pul oklanyň ýene-de bir gezek Rime gelýändigi aýdylýar. Jemagat gullukçylary tarapyndan suw çüwdürimindäki şaýy pullar ýylda bir gezek jemlenýär. Her ýyl ortaça 700 müň ýewro üýşýär.