Kli­ma­to­log­la­ryň hal­ka­ra to­pa­ry 2022-nji ýyl­da dün­ýä um­ma­ny­nyň ýo­kar­ky gat­lak­la­ryn­da sak­lan­ýan ýy­ly­ly­gyň muk­da­ry 255 zet­ta­jo­ul de­re­je­si­ne ýe­tip, 2020-nji ýyl­da­ky­dan 10,9 zet­ta­jo­ul köp­dür di­ýen ne­ti­jä gel­di­ler. Bu iş “Advances in Acade­mic Science” žur­na­lyn­da çap edil­di. Bu ba­ra­da Hy­taý Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň At­mos­fe­ra fi­zi­ka­sy ins­ti­tu­ty­nyň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di.
Kli­ma­to­log­la­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, hä­zir­ki wagt­da dün­ýä um­ma­ny, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň esa­sy te­bi­gy go­raý­jy­sy bo­lup gal­ýar. Se­na­gat­dan öň­ki dö­wür­den bä­ri onuň suw­la­ry ýy­ly­ly­gyň 90%-ini we se­na­gat kär­ha­na­la­ry, aw­tou­lag­lar we beý­le­ki ha­pa­laý­jy ta­ra­pyn­dan ho­wa goý­be­ri­len kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň üç­den bir bö­le­gi­ni özü­ne siň­dir­di. Bu amal di­ňe bir ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ni ha­ýal­lat­man, eý­sem de­ňiz­le­riň ekoul­gam­la­ryn­da düýp­li üýt­geş­me­le­re hem se­bäp bo­lup bi­ler.
Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­dan 2022-nji ýy­la çen­li dün­ýä um­ma­ny­nyň ýo­kar­ky bö­le­gin­de ýy­ly­lyk ener­gi­ýa­sy­nyň top­lan­ma­gy­ny öw­ren­di­ler. Mu­nuň üçin olar 3000 ýe­rüs­ti we su­was­ty buýk­lar ta­ra­pyn­dan ýyg­na­lan kli­mat mo­del­le­ri­ni we mag­lu­mat­la­ry­ny, şeý­le hem “Ar­go” okea­nog­ra­fik mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­de aw­to­nom gö­zeg­çi­lik stan­si­ýa­la­ry­ny ulan­dy­lar.