“General Motors” kompaniýasy öz-özüni dolandyrýan ulaglary öndürmek üçin täze tehnologiýalary işläp düzmegiň meýilnamasyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Ol “Cruise Automation” golçur firmasyna bu ugurda iş alyp barmak üçin 14 million dollar möçberinde pul serişdelerini bermekçi. Kompaniýalar topary öz-özüni dolandyrýan ulaglary synagdan geçirmek işini alyp barýar. Awtoulag öndüriji kompaniýa sürüjisiz ulaglaryň önümçiliginde barlag işlerini geçirmek üçin 1100 hünärmeni işe almagy meýilleşdirýär.
Kompaniýa San-Fransisko, Arizona we Detroit ştatlarynda öz-özüni dolandyrýan ulaglary synagdan geçirmegi dowam etdirýär. Indiki ýyl olaryň sanyny has-da köpeltmek göz öňünde tutulýar.
Sürüjisiz ulaglaryň önümçiliginde “Ford”, “Waymo” we “Tesla” ýaly kompaniýalar hem iş alyp barýar.