Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň dün­ýä bel­li “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze ön­dü­ren “Sam­sung Ga­laxy S8” te­le­fo­ny üçin öz ýur­dun­da 720 müň sar­gyt ka­bul edil­di. Kom­pa­ni­ýa tä­ze te­le­fon üçin il­kin­ji sar­gyt­la­ry 17-nji ap­re­le çen­li ka­bul et­di. Ol ap­rel aýy­nyň ahy­ryn­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak te­le­fo­nyň tä­ze gör­nü­şin­den 40-dan 60 mil­lio­na çen­li­si­ni sat­ma­gy göz öňün­de tut­ýar.
“Sam­sung Electro­nics” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mo­bil en­jam­la­ry bö­lü­mi­niň ýol­baş­çy­sy Kim Don Çžin “Ga­laxy-S8” smart­fo­nyň hä­zir­ki wagt­da ba­zar­da­ky iň howp­suz yk­jam ara­gat­na­şyk en­ja­my­dy­gy­ny mä­lim et­di.
– Biz onuň ak­ku­mul­ýa­to­ry­nyň yg­ty­bar­ly iş­le­me­gi üçin äh­li ze­rur iş­le­ri ge­çir­dik. “Ga­laxy No­te-7” te­le­fo­nyn­da ýü­ze çy­kan kem­çi­lik­le­ri gaý­ta­la­mak is­le­me­ýä­ris – di­ýip, Kim Don Çžin bel­le­di.
Bu mo­bil ara­gat­na­şyk en­ja­my ozal­ky­la­ra ga­ra­nyň­da, kä­bir teh­no­lo­gik en­jam­la­ry bo­ýun­ça ta­pa­wut­lan­ýar. Oňa tä­ze bir­nä­çe prog­ram­ma­lar ýer­leş­di­ril­di.