Dünýä jemgyýetçiliginiň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan saýlawynyň wagty gelip ýetdi. Ertir Ýewropanyň esasy döwletleriniň biri hasaplanýan Fransiýada prezident saýlawlary geçirilýär. Saýlawlaryň birinji tapgyry 23-nji aprelde bolar. Häzire çenli prezident saýlawynyň dalaşgärleriniň arasynda öňe saýlanany ýok. Ýurduň iri kompaniýalary tarapyndan geçirilen pikir soraşmalaryň netijelerine seredeniňde, Emmanuel Makron hem-de Marin Le Pen beýleki bäsdeşlerinden birneme öňe saýlanýar. Pikir soraşmalarda Makron bilen Le Peniň gazanan sesleriniň aratapawudy 1 göterime deňdir. Le Pene saýlawçylaryň 22 göterimi, Makrona bolsa, 23 göterimi ses bermäge taýýar.
Bu iki dalaşgärden soňra öňe saýlanýan ýene-de bir syýasatçy Žan-Lýuk Melanşondyr. Soňky hepdeler ol hem saýlawçylaryň goldawyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda oňa fransuzlaryň 19,5 göterimi ses bermek isleýär.
Dördünji orunda dünýä jemgyýetçiliginiň uly ynam bildirýän syýasatçylarynyň biri Fransua Fiýon gelýär. Köpler ondan uly üstünliklere garaşýar. Ýurduň ozalky prezidentlerinden Nikolýa Sarkozi hem Fransiýanyň raýatlaryny Fiýona ses bermäge çagyrdy. Fiýon Sarkoziniň partiýasynyň dalaşgäridir.
Dalaşgärleriň ilkinji bäşligine häzirki wagtda ýurdy dolandyrýan Sosialistik partiýasynyň dalaşgäri Benua Amon hem girýär. Oňa-da saýlawçylaryň belli bir bölegi ses bermegi meýilleşdirýär.
Nikolýa Dýupon-Enýan, Filipp Putu, Fransua Asselino, Žana Lasalýa, Žak Şeminad we Natali Arto dagylaryň sesleriň az bölegini almagyna garaşylýar.