Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň uly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Ýaponiýada dürli harytlaryň söwda satuwyna köp duş gelmek bolýar. Ine, golaýda ýene-de şeýle wakalaryň biriniň şaýady bolduk. “Kyodo” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, söwda satuwlarynyň birinde mango 400 müň ýene, ýagny 4 müň dollara satyldy. Fukuoka şäheriniň söwda merkezleriniň biriniň eýesi mangonyň ýerli görnüşleriniň birini şeýle gymmat baha satyn aldy. Ol muny mahabat üçin ulanmagy göz öňünde tutýar.
Şeýle söwda satuwlarynda bu miwäniň saýlanan görnüşleri satylýar. Mangonyň bu görnüşiniň düzümindäki şekeriň mukdary 15 göterime deňdir.
Ýaponiýada seýrek duş gelýän ýa-da ýerli önümçilik harytlarynyň söwdasy yzygiderli geçirilýär. Bu gezekki çärä 200-e golaý adam gatnaşdy. Geçen ýyl mangonyň “Yubari” görnüşi 3 million ýene satylypdy.