Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe aprel aýynyň ahyrynda we maý aýynyň başynda Russiýada we Ýewropa ýurtlarynda saparda bolar. Ol şu ýylyň 27-28-nji aprelinde Russiýa sapara baryp, ýurduň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşar. Onuň gün tertibine bilelikdäki ykdysady taslamalar giriziler.
Ýapon Premýer-ministri bu saparyny tamamlap, Beýik Britaniýa barar we ol ýerde Premýer-ministr Tereza Meý bilen gepleşikler geçirer.