Gruziýanyň halk artisti, tanymal sowet-gruzin kinoaktýory, estrada aýdymçysy, ssenarist, kinorežissýor, kompozitor Wahtang (Buba) Kikabidze uzaga çeken agyr keselden soň 84 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Wahtang Kikabidze 1959-1965-nji ýyllarda Iwan Jawahişwili adyndaky Tbilisiniň döwlet uniwersitetinde we 1961-1963-nji ýyllarda Daşary ýurt dilleri institutynda bilim aldy. 1959-njy ýyldan bäri gruzin filarmoniýasynyň artisti.

Wahtang Kikabidze ýatdan çykmajak keşpleri döretdi. Ol 50 töweregi filmde baş keşbi janlandyrdy. Kikabidze “Gam çekme!”, “Mimino”, “Weriyskiý kwartalynyň sazlary” we beýleki  filmlerde döreden keşpleri bilen ýatda galypdy. Ol 2020-nji ýylda Gruziýanyň mejlisiniň agzasy hökmünde saýlandy.

1970-nji ýylda geçirilen Halkara film festiwalynda “Gam çekme!” (1969) filminde erkek kişiniň keşbini has gowy ýerine ýetirenligi üçin baýraga mynasyp boldy. Ol “Mimino” filmi üçin ýokary döwlet baýragy bilen sylaglandy. Şeýle-de ol ozalky SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi, Ukrainanyň at gazanan artistidir.