Dürli süýt önümlerini öndürýän dünýäniň iri kompaniýalarynyň biri “Danone” ABŞ-nyň azyk önümlerini öndürýän “WhiteWave Foods” şereketini satyn aldy. Bu barada “Danone” kompaniýasynyň resmi metbugat beýanatynda bellenip geçilýär.
Täze şereket “Danone” kompaniýasynyň girdejisini ep-esli artdyrar we ol Demirgazyk Amerikada “DanoneWave” ady bilen işini dowam etdirer.
“WhiteWave Foods” amerikan kompaniýasy azyk önümlerini we dürli şerbetleri öndürmek bilen meşgullanýar hem-de Demirgazyk Amerikadyr Ýewropada iş alyp barýar.
Fransiýanyň dünýä belli “Danone” kompaniýasy 1919-njy ýylda döredildi. Ol häzirki wagtda süýt önümlerini öndürmekde öňdebaryjy şereketleriň biri hasaplanýar. 2016-njy ýylda onuň girdejisi 21,9 milliard ýewro deň boldy. 140-dan gowrak ýurtda öz önümlerini dürli brendler bilen ýerleýär.