Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary, taryhy taýdan ýola goýlan hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýär. Türkmenistan we Russiýa abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak arkaly, sebit hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wajyp meselelerde garaýyşlaryň ýakyndygyny beýan edýärler.
17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşler iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Bu hyzmatdaşlyk umumy bähbitlere laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek arkaly amala aşyrylýandygy nygtaldy.
19-20-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin ýurdumyzda saparda bolýar. Bu Mihail Mişustiniň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy hökmünde Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparydyr. Russiýanyň wekiliýetiniň düzümine Hökümetiň wekilleri bilen birlikde Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň ýolbaşçylarynyň hem girýändigi bellärliklidir. Ýurdumyz Russiýanyň sebitleriniň 60-dan gowragy bilen netijeli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýdy. Şolaryň hatarynda Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary, Sankt-Peterburg şäheri ýaly ýurduň iri senagat, medeni merkezleri bar.
Türkmenistan Russiýanyň sebitde iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi we düzümi yzygiderli artdyrylýar.
Şu gezekki saparyň çäklerinde uly wekilçilikli rus wekiliýetiniň agzalary Türkmen-rus işewürlik maslahatyna, işewürlik geňeşiniň bilelikdäki mejlisine, Russiýanyň Türkmenistandaky söwda öýüniň açylyş dabarasyna gatnaşarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berip, geljek üçin anyk wezipeleri kesgitlemäge amatly mümkinçilik bolar.
Ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň kompaniýalary köp ýyldan bäri iş alyp barýarlar. «Gazprom» kompaniýasy Türkmenistandan gazy eksport etmegi guramak boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni bilen hyzmatdaşlyk etse, «Lukoýl» bilen «Tatneft», öz gezeginde, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek işine gatnaşýar. «Transmaşholding» kärhanasynyň teplowozlary, «KamAZ» kysymly ýük awtoulaglary bolsa ýurdumyzyň maşyngurluşyk senagatynyň tehniki binýadynyň berkidilmegine goşant goşýar. Şunda «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Diýarymyzyň çar künjeginde umumy bahasy 1,5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan ýol-ulag düzüminiň desgalaryny gurandygyny hem bellemek gerek.
Umuman, dostlukly ýurduň Hökümet Başlygynyň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyny ynamly aýdyp bolar.