Hindi zergärleri özboluşly sagat ýasadylar. Onuň agramy 373,30 gram. Sagat Uttar Pradeş ştatynyň Mirut şäheriniň “Renani Jewels” kompaniýasyna degişli. Sagat özüne berkidilen 17,524 bölek göwher bilen dünýä rekordyny goýdy. Ondaky gymmatbahaly daşlaryň hemmesi diýen ýaly ak, diňe 12-si gara. Sagat “Srinkia” diýlip atlandyrylyp, gadymy hindi mifologiýasyna görä bu söz “gül” diýmegi aňladýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, 2020-nji ýylda hindistanly zergär 12,5 müňden gowrak göwher berkidip, ýüzük ýasady. Güle meňzeýän ýüzük “Bagtyýarlygyň halkasy” diýlip atlandyryldy. 2022-nji ýylda hindi kompaniýasy “Emi” (bakylyk) atly ýüzüge 24,679 göwher berkidipdi.