30-nji ýanwarda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça mekdep mugallymlaryna niýetlenen täze usuly gollanmalary gowşurmak mynasybetli çäre geçirdi. Oňa Hökümetiň, bilim bölümleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň wekilleriniň 70-den gowragy, şeýle-de Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu gollanmalar başlangyç we orta bilim boýunça okadylýan tebigaty öwreniş, ekologiýa, geografiýa, ýaşaýyş-durmuş esaslary, zähmet ýaly dersleriň 5-sini goşmak arkaly howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselesini öwretmegiň amaly esaslaryny ýeňilleşdirmäge niýetlenendir. Şunda olaryň öz ugry boýunça Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gollanmalardygyny aýratyn nygtamak gerek. Usuly gollanmalar halkara derejedäki iň gowy tejribeleri özünde jemlemek bilen, mekdep okuwçylarydyr ýetginjekleriň howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy betbagtçylyklaryň täsirini peseltmek babatda bilimdir başarnyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Milli bilim instituty tarapyndan ÝUNISEF bilen bilelikde taýýarlanan bu gollanmalar howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmekde ýurduň Hökümetiniň tagallalaryny goldamak maksadyny öňde goýýar.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylara täze usuly gollanmalaryň 5-si hödürlenip, olaryň 8 müňden gowrak nusgasy ÝUNISEF tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerine ýaýratmak üçin berildi. BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Mohammad Faýýazi, öz gezeginde, gollanmalaryň bilim ulgamynyň durnuklylygyna we okuwçylaryň howanyň üýtgemegi bilen bagly howplara durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigine ünsi çekip, munuň bu meselede ýurduň umumymilli tagallalaryny goldamak, ekologik hem-de tebigy betbagtçylyklaryň täsirini peseltmek, bu ugurda ýaş türkmenistanlylaryň habarlylygyny artdyrmak babatda ajaýyp mümkinçilikdigini nygtady.