Ata-babalarymyzyň «Düýe maly – dünýe maly» diýmegi ýöne ýere däl bolsa gerek. Her bir döredilen halk arasyndaky aýtgylaryň, nakyllaryň aňyrsynda durmuş eleginden geçirilen ýaşaýyş zerurlygy, olaryň ähmiýeti oýlanylyp, ölçerilip döredilendir. Taryhymyza ser salsak, düýeler halkymyz üçin örän möhüm iş şertlerinde ulanylypdyr, gelinler düýäniň üstünde kejebe bilen getirilipdir. «Ýüňünden ýorgan, süýdünden sargan» edilen düýeleriň süýdi dürli keselleri bejermekde berhizlik serişde hökmünde ulanylypdyr, häzirki wagtda hem düýe süýdünden giňden peýdalanylýar. Taryhymyzyň taryply sahypalarynda buýsanç bilen ýatlanylýan «Beýik Ýüpek ýoluny» hem düýesiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şol döwürde söwdagärler argyşa gidenlerinde düýelerden kerwen gurap, ençeme menzil ýollar aşyp, söwda ulgamynyň ösmegine öz goşantlaryny goşupdyrlar. Şu sebäpli hem düýeler, olaryň aýratyn beden gurluşy, yssy we sowuk howa çydamlylygy barada gyzyklanyp, öz toplan maglumatlarymy okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildim.
Düýeleri beýleki jandarlardan tapawutlandyrýan aýratynlygy bu onuň iň agyr şertlerden hem täsirlenmeýän beden gurluşydyr. Düýeleriň beden gurluşy açlyga we suwsuzlyga ençeme günläp çydamly bolup, üstünde ýüzlerçe kilogram ýüki bilen birnäçe günläp ýol ýöräp bilýär.
Düýäniň agyz we dodak gurluşy ýiti tikenli ösümlikleri aňsatlyk bilen çeýnemäge mümkinçilik berýär. Dört taraply aşgazany we iýmit siňdiriş ulgamy güýçli bolup, islendik oty siňdirip bilýär, bu aýratynlyk oňa gurak we jöwzaly yssy howa şertlerinde ýaşamak üçin zerurdyr.
Düýäniň gözleri iki hatar kirpik bilen gurşalandyr. Kirpikler gapan ýaly bir-biriniň içinden geçýän şekilde ýerleşip, güýçli tüweleý turanda gözüne çäge we gum girmeginden goraýar.
Düýäniň burny köp sanly köklere bölünen kanallardan emele gelendir. Gurak we yssy howada çygyň mukdary az bolýar. Şu sebäpli dem alýan howasynyň çyglylygyny ýitirmezligi zerurdyr. Muňa bolsa düýäniň örän uly, öwrümli, çygy özüne siňdirip bilýän aýratynlygy bolan örtük bilen örtülen burny ýardam berip, çygy özüne siňdirip bilýän aýratynlygy bolan örtük howadaky çygyň 66 göterimini saklap bilýär. Burnunyň bu aýratynlygy 40 derejeden hem ýokary bolýan yssy howany 20 derejä çenli peseldip, düýäniň yssy howada salkyn dem almagyna oňaýly mümkinçilik berýär.
Düýäniň ýene-de bir täsin aýratynlygy, güýçli tüweleýleriň netijesinde howadaky çägäniň we gumuň burnuna girmezligi üçin, edil gözlerini ýumup bilşi ýaly, burnuny hem ýapyp bilýänligidir.
Düýäniň bütin bedenini gurşap alan gür tüýleri ýakyp-ýandyryjy yssynyň derisine ýetmezliginiň öňüni alýar. Şol bir wagtyň özünde, sowukdan goranmaga hem kömek edýär. Düýeler 70 derejä çenli yssy howada, goşa örküçli düýeler bolsa 52 derejä çenli sowuk howada ýaşap bilýärler.
Düýäniň aýaklarynyň uzyn bolşy ýaly, ýere basýan penjeleri hem giň, ýaýbaň görnüşde bolup, çägä, guma batman ýöräp bilmegine oňaýly kömek edýär. Dabanlarynyň aýratyn galyň deri bilen örtülenligi bolsa, gyzgyn ýere basylan aýagynyň gyzmazlygyna ýardam edýär.
Düýeleriň agyr howa şertlerinde ýaşap bilmekleri üçin iň esasy serişde olaryň örküçleridir. Düýäniň örküjinde agramynyň bäşden bir bölegine barabar ýag bolmak bilen, ýagyň bedeniň belli bir ýerinde ýygnanmagy, beden suwuklygynyň azalmazlygyna, şeýlelikde beden suwuklygynyň tygşytlanmagyna täsir edýär.
Ýolmyrat Ýolmyradow,
Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy.