Haýsydyr bir keseli bejermek üçin niýetlenilýän antibiotikleriň nädogry saýlanylmagy, ýerliksiz hem-de köp mukdarda we dowamly kabul edilmegi bedene uly zyýan ýetirip bilýär. Netijede, adamyň immun ulgamy gowşaýar, içegäniň mikroflorasy bozulýar, beden öýjükleri zeperlenýär, deriniň, saçyň, dyrnagyň ýagdaýy ýaramazlaşýar, bedende kandidoz kömelejigi döreýär we köpelýär, bagra düşýän agram artýar, kesel dörediji bakteriýalaryň öň ulanylan antibiotiklere duýgurlygy peselýär. Netijede, bakteriýalaryň antibiotiklere durnukly täze görnüşleri peýda bolýar. Şoňa görä, bakteriýalaryň antibiotiklere duýgurlygyny anyklaýan bakteriologiki barlag geçirilýär. Barlagyň netijesi zerurdygyny görkezende bejerişde ulanmak üçin başga bir derman serişdesi saýlanylýar.
Antibiotikleriň nädogry ulanylmagy sebäpli ýüze çykyp bilýän näsazlyklaryň iň köp duş gelýäni dermana allergiýanyň bardygy zerarly derä örgünleriň örmegidir. Şeýle hem göwreli we çaga emdirýän aýallar antibiotik serişdelerini özbaşdak ulanmakdan saklanmalydyr. Olary diňe lukman degişli barlaglaryň netijesiniň esasynda bellän halatlarynda kabul etmelidir. Nädogry ulanylanda, hatda degişli barlaglaryň esasynda lukmanyň bellän antibiotiki derman serişdeleriniň hem peýdasy azalýar, bedene ýetirýän zyýany bolsa artýar. Şonuň üçin antibiotikler bilen bejergi alynýan döwürde şu degişli düzgünleri gyşarnyksyz berjaý etmek zerurdyr:
Antibiotikleri lukman tarapyndan bellenen tertipde kabul etmeli. Olaryň mukdaryny özbaşdak üýtgetmeli däl. Bu derman serişdeleri bilen bejerişi lukmanyň bellän möhletinden öň bes etmek hem maslahat berilmeýär. Eger syrkaw lukmanyň bellän dermanyny öň kabul eden hem bolsa ýa-da antibiotikler bilen bejergi bellenilen döwürde başga dermanlary hem ulanýan bolsa, onda ol bu ýagdaýlary lukmana duýdurmalydyr. Antibiotikleriň birbada köp görnüşini peýdalanmaga zerurlyk ýüze çykanda, bejergini lukmanyň gözegçiligi astynda geçirmelidir. Sebäbi bu ýagdaýda syrkawyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy mümkindir. Antibiotikleriň ulanylýan döwründe kömelejiklere garşy täsirli dermanlar lukmanyň maslahat beren tertibinde kabul edilmelidir.
Islendik dermany, şol sanda antibiotik derman serişdesini ulanmaga başlamazdan öň onuň gözükdirijisini doly okamaly. Dermanyň ulanyş möhleti, gapdallaýyn ýaramsyz täsiri, ony ulanyp bolmaýan ýagdaýlar görkezilýän ýazgylara aýratyn üns bermeli. Bejeriş geçirilip gutarmanka gözükdirijini zyňmaly däl.
Antibiotik derman serişdelerini her gün şol bir wagtda ulanmaly. Antibiotikler bilen bejergi geçirilýän günlerde işjeň hereket etmekden saklanmaly, bedene düşýän agramy azaltmaly, ýeterlik dynç almaly. Dogry iýmitlenmek antibiotikler bilen bejergi geçirilýän döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Gowrulyp bişirilen naharlary diňe bir antibiotikler bilen bejergi geçirilýän döwürde däl-de, eýsem, başga wagtda-da çäklendirmek maksada laýykdyr. Iýmit önümleri gowrulanda antibiotikleriň işjeňligini peseldýän maddalar emele gelýär, mikrotolkunly elektrik pejinde bişirilende bolsa olaryň düzümindäki beloklaryň aglabasy ýitirilýär. Ösümlik kletçatkalaryna, witaminlerdir makro-mikroelementlere baý önümler, irimçik üwelen undan bişirilen çörek, kelem, kädi, göktereň (kabaçok), sogan, pomidor, bolgar burçy peýdaly. Gök önüm çorbalaryny, tüwi, süle, greçka şülelerini iýmeli. Naharlara, işdäaçarlara hoşboýlyklary, kakadylan miweleri, hoz, limon ýa-da onuň şiresini goşmaly. Çaýyňa limon atmaly, gök önüm we miwe şirelerini içmeli. Ýöne käbir antibiotikleriň turşy gurşawda täsirini ýitirýändigini ýatdan çykarmaly däl. Şeýle antibiotikler bilen bejergi geçirilýän döwürde lukman bilen maslahatlaşyp, gündelik iýmitiňde turşy süýt önümlerini we miweleri ulanmakdan gaça durmaly.
Antibiotikler bilen bejergi geçirilende köp suwuklyk (arassa agyz suwy, çaý çopantelpegiň melhemlikleri, gök önüm we miwe şireleri) içmeli. Gazly, reňkli süýji suwlary, alkogolly içgileri içmeli däl. Kofe bilen çaýy derman kabul edilenden 1-2 sagatdan soň içmek mümkindir.
Lukmanyň maslahatyna görä, antibiotikler bilen bejergi geçirilenden soň zeperlenip bilýän içegäniň mikroflorasyny dikeltmek, peýdaly bakteriýalary köpeltmek we şeýlelikde, disbakteriozyň öňüni almak üçin ter ýa-da kakadylan miweleri, böwürslen, armyt, alma, kişde, kişmiş, banan, kiwi, sitrus miwelerini, gatyk, dorag iýmek peýdalydyr.
Guwanç Saparow,
Aşgabat şäher hassahanasynyň bölüm müdiri.