Gresiýanyň uly ähmiýete eýe bolan Saloniki porty satuwa çykaryldy we onuň satuwy, amala aşyryljak maýa goýumlar, Gresiýa döwletine geljek girdeji hasaba alnanda geleşigiň bahasy 1,1 milliard ýewro deň boldy.
3 kompaniýadan ybarat bolan halkara konsorsium Saloniki deňiz menziliniň 2051-nji ýyla çenli dolandyrylmagy babatda yglan edilen halkara bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde mälim edildi. Bu barada “RIA Nowosti” habarlar gullugy habar berýär. “Deutsche Invest Equity Partners GmbH”, “Belterra Investments LTD” we “Terminal Link SAS” kompaniýalar topary Saloniki portunyň gymmatbahaly kagyzlarynyň 67 göterimini 231,926 million ýewro satyn aldylar.
Gresiýanyň döwlet emlägini dolandyrmak boýunça gaznanyň habar bermegine görä, geleşigiň umumy bahasy 1,1 milliard ýewro deňdir. Öňümizdäki 7 ýylyň dowamynda kompaniýalar 180 million ýewro möçberinde maýa goýum özleşdirer. Şeýle hem ylalaşyk netijesinde, döwletiň hazynasyna geljek girdeji 170 million ýewrodan köpräk bolar.
Mundan başga-da Gresiýanyň DESFA gaz paýlaýjy edarasynyň hem hususylaşdyrylmagy boýunça täze bäsleşik guramak göz öňünde tutulýar. Edaranyň gymmatbahaly kagyzlarynyň 31 göterimi satuwa çykarylar.