14-nji few­ral­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry W.Ha­ji­ýew Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de iş sa­pa­ry bi­len Aş­ga­bat şä­he­ri­ne ge­len Mon­go­li­ýa­nyň tä­ze bel­le­nen il­çi­si Dor­ji Ba­ýar­huu (otur­ýan ýe­ri As­ta­na ş.) bi­len du­şuş­dy.
Türk­men ta­ra­py ynanç ha­ty­nyň nus­ga­la­ry­ny ka­bul edip, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne umyt bil­dir­di we Il­çi­niň bu ugur­da­ky iş­le­ri­ne he­ma­ýat et­mä­ge we gol­daw ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ta­rap­lar gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar we öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän ugur­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­ni bel­läp ge­çip, ta­rap­lar no­bat­da­ky sy­ýa­sy mas­la­hat­laş­ma­la­ry ge­çir­mek me­se­le­si­ne ga­ra­dy­lar. Şeý­le hem ta­rap­lar par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ýo­la goý­mak me­se­le­si­ni hem ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Söw­da, ener­ge­ti­ka, ag­ro­se­na­gat top­lu­my, dok­ma se­na­ga­ty, me­de­ni- yn­san­per­wer ýa­ly ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Mun­dan baş­ga-da, ta­rap­lar söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry güýç­len­dir­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­di­ler. Türk­men ta­ra­py hem öz ge­ze­gin­de 2023-nji ýy­lyň 28-30-njy no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek “Ag­ro-Pack Türk­me­nis­tan-2023” hal­ka­ra ser­gi­si­ne gat­naş­mak üçin mon­gol işe­wür­le­ri­ni Türk­me­nis­ta­na ça­gyr­dy.
Ta­rap­lar iki döw­le­tiň ulag-üs­ta­şyr we trans­port ul­ga­my­nyň uly müm­kin­çi­li­gi­ni bel­läp geç­di­ler we Ýew­ra­zi­ýa se­bi­tin­de de­mir ýol­la­ry we ga­ra ýol­lar to­ru­ny dö­ret­mek­de hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri­ni aýt­dy­lar.