Russiýanyň demirgazyk paýtagty hasaplanýan Sankt-Peterburgda ýagynly sowuk howalar durkuny saklap galýar. Meteorologiýa gullugynyň habar bermegine görä, iki hepdeden bäri howanyň derejesi sowuk bolmagynda galýar. Şeýle ýagdaý 1866-njy ýylyň aprel aýynyň soňky on gününde bolup geçipdi. Şäherde soňky 50 ýylyň iň sowuk apreli dowam edýär.
Indiki hepdäniň başyndan howanyň maýyl bolmagyna garaşylýar. Şäheriň ýaşaýjylarynyň we onuň myhmanlarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan maýyl howasy maý aýynda başlanar. Şu hepdäniň ahyryna çenli ýagyşly we güýçli ýel öwser.