Bütindünýä banky bilen Aziýanyň infrastrukturalar boýunça maýa goýum banky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek hakyndaky ähtnama gol çekdiler. Bu barada Bütindünýä bankynyň resmi internet saýtynda habar berilýär.
Bu ylalaşyk Bütindünýä bankynyň hem-de Halkara Pul Gaznasynyň bahar möwsümindäki duşuşygynyň çäklerinde gazanyldy. Oňa Bütindünýä bankynyň prezidenti Jim Ýon Kim we Aziýanyň infrastrukturalar boýunça maýa goýum bankynyň prezidenti Szin Lisýun gol çekdi. Degişli resminama laýyklykda, maliýe guramalary öz bähbitleri esasynda bilelikde hyzmatdaşlyk ederler. Olar dürli taslamalary maliýeleşdirmek, hünärmen alyş-çalşygy we beýleki ugurlarda bilelikde iş alyp bararlar.
Bir ýyl mundan ozal, bu iki bank maýa goýum taslamalaryny bilelikde maliýeleşdirmek hakyndaky çarçuwaly ylalaşyga gol çekipdi. Şondan bäri olar bilelikde 5 taslama maliýe kömegini berýär. Maliýe edaralary Pakistandaky energetika taslamalaryna, Azerbaýjandaky gaz geçirijisiniň gurluşygyna, şeýle hem Indoneziýada sebit infrastrukturasynyň ösdürilmegi üçin birnäçe taslamalara ýakyndan goldaw berýär. Banklar 2017-nji hem-de 2018-nji ýylda bilelikde maliýeleşdirmegi göz öňünde tutýan täze taslamalaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.
Aziýanyň infrastrukturalar boýunça maýa goýum banky 2015-nji ýylda döredildi. Oňa 57 döwlet agza. Guramanyň düzgünnamadaky kapitaly 100 milliard dollara deňdir. Bankyň dolandyryjylar geňeşinde Hytaýyň, Russiýanyň we Hindistanyň has köp mukdarda ses paýy bardyr.