15-nji few­ral­da Türk­me­nis­ta­nyň Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­syn­da­ky Il­çi­ha­na­sy Azer­baý­ja­nyň Mil­li Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy we Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan “Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy – dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li şa­hy­ry” at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çir­di.
Bu mas­la­ha­ta yl­my we dö­re­di­ji­lik in­tel­li­gen­si­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, şeý­le hem Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň muş­dak­la­ry gat­naş­dy­lar.
Mas­la­hat­da çy­kyş eden­ler pa­ra­hat­çy­ly­gy we ag­zy­bir­li­gi wasp eden, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy wa­gyz eden Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga ba­gyş­la­nan bu çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler we Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­ja­nyň ara­syn­da­ky yl­my hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­mek we pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky is­leg­le­ri­ni be­ýan et­di­ler.