Kino sungatynyň irki wekillerinden Fred Aster baradaky filmde esasy keşplerde surata düşjek artistler belli boldy. Ozal habar berlişi ýaly, filmde baş keşbi, Fred Asteriň keşbini belli aktýor Tom Holland janlandyrar. Filmiň kastingine iki sany meşhur aktrisa Margaret Kualli bilen Sabrina Karpenter hem goşuldy. Kualli awtobiografik görnüşdäki bu filmde Fred Asteriň uýasy Adeliň, Karpenter bolsa onuň tansçylarynyň biri bolan Jinjer Rojersiň keşbini ýerine ýetirer. Filme “Paddington”, “Wonka” kinolary bilen adygan angliýaly Pol King režissýorlyk eder. Ekran eseriniň haçan prokatlara ýaýradyljakdygy häzirlikçe belli däl.