16-njy few­ra­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­do­wyň Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýew­ro­pa we hal­ka­ra iş­ler bo­ýun­ça fe­de­ral mi­nist­ri Alek­san­der Şal­len­berg bi­len wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Gep­le­şi­giň bar­şyn­da türk­men-awst­ri­ýa hyz­mat­daş­ly­gy­nyň şu gün­ki ýag­da­ýy we gel­je­gi ba­ra­da äh­mi­ýet­li pi­kir­ler al­şyl­dy. Ýo­ka­ry we iň ýo­ka­ry de­re­je­ler­dä­ki sa­par­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­ny gi­ňelt­mek­dä­ki mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler. Şeý­le hem iki ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça gep­le­şik­le­ri do­wam et­dir­me­giň we iş­jeň­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.
R.Me­re­dow iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we dü­züm­le­riň — BMG-niň, ÝHHG-niň we beý­le­ki gu­ra­ma­la­ryň, şol san­da soň­ky ýyl­lar­da has iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bo­lan Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň çä­gin­de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň we Awst­ri­ýa­nyň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar ba­ra­da aý­dyp, türk­men ta­ra­py bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça anyk ädim­le­ri tek­lip et­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy bel­le­nil­di. Türk­men-awst­ri­ýa bi­le­lik­dä­ki to­pa­ry­nyň işi­niň hem-de işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm äh­mi­ýe­ti bel­le­ni­lip ge­çil­di. Şun­da se­na­gat, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­ge­ti­ka, ulag, teh­no­lo­gi­ýa­lar we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň beý­le­ki ul­gam­la­ry hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da öňe çy­ka­ryl­dy.
Me­de­ni-yn­san­per­wer ug­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň ösü­şi ba­ra­da bel­läp, ta­rap­lar Türk­men-awst­ri­ýa jem­gy­ýe­ti­niň ne­ti­je­li işi­ne ba­ha ber­di­ler. Jem­gy­ýe­tiň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän bi­le­lik­dä­ki “Gal­ky­nyş” sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň çy­kyş­la­ry, türk­men paý­tag­tyn­da aja­ýyp We­na ba­ly­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi, Aş­ga­bat­da we We­na­da gu­ra­lan iki ýur­duň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­dir we beý­le­ki dö­re­di­ji­lik çä­re­le­ri ta­rap­la­ryň me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da­ky ön­jeý­li hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gör­ne­tin my­sa­ly bo­lup dur­ýan­dyr.