Russiýanyň tebigaty goramak ministri Sergeý Donskoýyň aýtmagyna görä, Hytaýyň we Indoneziýanyň işewürleri Russiýada tokaý zolaklaryny döretmek üçin 1 milliard dollar möçberinde maýa goýmagy maksat edinýär.
Aziýaly maýadarlar Russiýanyň tokaý hojalygyny ösdürmek bilen gyzyklanýar. Munuň üçin tokaý zolaklary dörediler we ol ýerde dürli agaçlary ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde hem tokaý zolaklaryny döredip, daşky gurşawy goramak hem-de bu ýerde ösdürilip ýetişdirilen agaçlary senagat önümçiliginde ulanmak meýilleşdirilýär.