Birleşen Arap Emirlikleriniň energiýa we infrastruktura ministri Suheýl al-Mezrui nebit pudagynda ýüze çykyp biljek meseleleriň öňüni almak üçin maýa goýumlaryň artdyrylmalydygyny belledi. Häzirki wagtda dünýä nebit bazarynyň deňagramlydygyny aýdyp, BAE-niň we beýleki “OPEC+” ýurtlarynyň şu ýylky önümçilik maksatnamalaryna bagly boljakdyklaryny belledi. Ministr islegiň ýokarlanmagy bilen maýa goýumynyň artdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Ol nebit pudagyna maýa goýumlaryň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerine geçilýändigi sebäpli azalandygyny belledi. Mezrui howa goýberilýän zyýanly gazlaryň azaldylmagynda uly ähmiýeti boljak energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we arassa görnüşlerine maýa goýum goýmaklaryny dowam etjekdiklerini mälim etdi. Ministr 2050-nji ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlary nola düşürmegi maksat edinýändiklerini mälim etdi.
Oguljeren Halmuhammedowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









