Hindistanyň “Air India” awiakompaniýasy “Boeing”-den 220, “Airbus” bolsa 250 uçar sargyt etdi. Bu barada “Boeing” kompaniýasy “Air India”-nyň awiaparky üçin 190 sany “737 MAX”, 20 sany “787 Dreamliner” we 10 sany “777X” uçarlaryny sargyt edendigini mälim etdi. Bu barada berlen maglumatda “Boeing” we “Air India” arasyndaky ylalaşygyň goşmaça 50 sany “737 MAX” we 20 sany “787-9” uçarlaryny hem öz içine alýandygy bellenildi. Ylalaşygyň bahasynyň 34 milliard dollardygy mälim edildi.
Ýewropanyň “Airbus” kompaniýasy hem “Air India” üçin 250 ýolagçy uçaryny taýýarlar. Hindi awiakompaniýasyna eýeçilik edýän “Tata Sons”-yň ýolbaşçysy Natarajan Çandrasekaran “Airbus” bilen 40 sany giň göwrümli “A350”, 210 sany dar göwrümli “A320 neo” uçarlaryny almak üçin ylalaşylandygyny mälim etdi.
Şeýlelikde, “Air India” jemi 470 sany “Boeing” we “Airbus” uçarlaryny alar.
Maýsa Jumanyýazowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









