Wýetnamyň “Vo Trong Nghia Architects” studiýasy “gök öwüsýän” edara binasynyň taslamasyny taýýarlady. Kompaniýa Hoşimin şäherdäki edara binasynyň öň tarapyna bütinleý diýen ýaly betondan tekjeler bilen gaplady. Onuň üstünde agaçlary, bakja ekinlerini we beýleki ösümlikleri ekip bolýar. Bu “tekjeleri” aňsatlyk bilek söküp, göçürmäge ýa-da üýtgedip bolýar. Binanyň gök öwüsÿän diwarlary tomsuň jöwzaly yssysynda binanyň içiniň salkyn bolmagyna, ýiti Gün şöhlesinden goranmaga ýardam edýär. Bu ösümlikler binanyň üçegine ýagan ýagynyň suwy bilen suwarylýar. Bagy suwarmak awtomatlaşdyrylan ulgam arkaly amala aşyrylýar.
Mundan başga-da, binagärler ofisiň diwarlarynda bakja ekinlerini ýetişdirmegi meýilleşdirýärler. Olaryň pikiriçe, binanyň ekin ekmäge niýetlenen tekjelerinden her ýylda 1,1 tonna hasyl alyp bolar. binanyň üçeginiň hem bir bölegine ekin ekilipdir. Binanyň içki diwarlary we sütünleri hem tebigata kybap bezelipdir.
Ýusup Atajanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
PDF









