Şu gün türk­men hal­ky­nyň mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­za ge­len Ka­tar döw­le­ti­niň Şeýh­ler maş­ga­la­sy­nyň ag­za­sy Şeýh Faý­sal bin Nas­ser bin Ha­mad Al-Ta­ni bi­len ýo­ka­ry de­re­je­de gep­le­şik­le­ri ge­çir­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan bi­len Ka­ta­ryň ara­syn­da­ky al­nyp ba­ryl­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň öza­ra bäh­bit­li ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Myh­man türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li gar­şy­la­nan­dy­gy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hem-de mil­li Li­de­ri­mi­ze ho­şal­lyk bil­di­rip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy özi üçin is­len­dik amat­ly wagt­da Ka­tar döw­le­ti­ne sa­par bi­len gel­mä­ge ça­gyr­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz myh­ma­ny Ka­tar döw­le­tin­de ge­çi­ri­len sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň, ýag­ny dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň örän gu­ra­ma­çy­lyk­ly ýaý­baň­lan­dy­ry­lan­dy­gy bi­len gut­la­dy. Şeýh Faý­sal bin Nas­ser bin Ha­mad Al-Ta­ni gut­la­gy gyz­gyn ka­bul edip, çem­pio­na­ta hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gy­nyň öz­le­ri üçin uly mer­te­be hem hor­mat­dy­gy­ny aýt­dy.
Gep­le­şik­le­riň çäk­le­rin­de türk­men-ka­tar hyz­mat­daş­ly­gy­nyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Esa­san-da, ma­ýa go­ýum­la­ry öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça mö­hüm so­rag­la­ryň üs­tün­de dur­lup ge­çil­di.

Bu barada “Bereketli toprak” gazetiniň elektron nusgasynda habar berilýär.