Ger­ma­ni­ýa­nyň “Mercedes-Benz” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň peý­da­sy ge­çen ýyl 34 gö­te­rim ar­typ, 14,8 mil­liard ýew­ro ýe­tip­dir. Ne­mes bren­di ge­çen ýy­la de­giş­li ma­li­ýe mag­lu­mat­la­ry­ny ýaý­rat­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si ge­çen ýyl ozal­ky ýy­la ga­raň­da, 12 gö­te­rim ar­typ, 150 mil­liard ýew­ro ýet­di. Peý­da­nyň ýo­kar­lan­ma­gyn­da has köp peý­da ge­tir­ýän “May­bach” ýa­ly aw­tou­lag­la­ryň sa­tu­wy­nyň tä­si­ri­niň ulu­dy­gy mä­lim edil­di.
Şeý­le hem “Mercedes-Benz” 2025-nji ýy­la çen­li 4 mil­liard dol­lar­lyk paý­na­ma­ny yzy­na sa­tyn al­jak­dy­gy­ny we her paý­na­ma üçin 5 ýew­ro bo­lan tö­le­gi 5,20 ýew­ro çy­kar­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Mun­dan baş­ga-da kom­pa­ni­ýa Ýew­ro­pa­dan gel­ýän sar­gyt­la­ryň az­dy­gy­ny bel­le­di.