Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda kub şekilli äpet desga gurlar. Ýurduň maliýe gaznasynyň habar bermegine görä, şäher merkezinde guruljak bina “Mukaab” diýlip atlandyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurduň paýtagtynyň dünýäniň iň döwrebap şäher merkezi boljakdygy bellenilýär. Er-Riýadyň halkara aeroportyndan ulag bilen 20 minut daşlykda ýerleşjek äpet gurluşyň içinde gökdirän bina bolar. Bu gökdiräniň dizaýnynda ýurduň gadymy binagärlik äheňi bolan “Nejidden” peýdalanylar. Binanyň daşy üsti-üstüne goýlan üçburçluk gurluşlardan emele geler. Binanyň içki dizaýnynda bolsa Saud Arabystanynyň derýa boýundaky gadymy obalaryndan ylham alnar. Bu obalardaky elementlere öýkünilip guruljak ýaşaýyş çäkleri adamlary Günüň ýiti şöhlesinden goraýan, dar ýollar bilen özara birigýän uly bolmadyk öýlerden ybarat bolar.
Ini, boýy we beýikligi 400 metr boljak “Mukaab” “meýdan” diýmegi aňladýar. Toplum şäheriň merkezinde ýerleşip, oňa islendik ýerden barmak aňsat bolar.
Taslamanyň 2030-njy ýyldan ozal durmuşa geçirilmegine garaşylýar. Toplumyň çäginde 100 müň öý, 9 müň myhmanhana otagy, umumy meýdany 980 müň inedördül metr bolan dükanlar we 1,4 million inedördül metr bolan ofis otaglary bolar.
Şeýle hem “Mukaab” 80 sany güýmenje merkezi, köpugurly teatr we bir sany muzaý bolar.
Täze şäher merkezinde 334 müň iş ornuny döreder.