Wenesuelada elektrik energiýasyny tygşytly ulanmak üçin dürli çäreler geçirildi. Şonuň üçin anna güni döwlet işgärleri üçin iş güni däl diýlip, yglan edildi. Bu döwletde esasan hem, tomus paslynda howanyň yssy bolýan günlerinde elektrik toguny tygşytly ulanmak babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Ýurduň Prezidenti Nikolas Maduro döwlet işgärlerine anna gününi hem dynç güni etmek babatda karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, aprel we maý aýlarynda döwlet işgärleri anna güni-de dynç alarlar. Wenesuelada elektrik energiýa ulgamy ozalky Prezident Ugo Çawesiň döwründe döwletiň eýeçiligine geçirilipdi.
Wenesuelanyň hökümeti fewral aýynda döwlet işgärleriniň iş wagtyny azaldypdy. Şonuň hasabyna 400 megawat elektrik energiýasy tygşytlandy.