Bahreýniň paýtagty Manamada resmi sapar bilen Patyşalykda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler başlandy.
Ikiçäk we giňeldilen düzümindäki duşuşyklaryň dowamynda taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşarlar, şeýle hem halkara we sebit derejesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitmlemäge gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Ýokary derejedäki türkmen-bahreýn gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekiler.