Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna ilkinji resmi saparynyň çäklerinde ikiçäk hem-de giňeldilen düzümde ýokary derejeli türkmen-bahreýn gepleşikleri geçirildi.
Bahreýniň Patyşasynyň «Al Gudaýbiýýa» köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi. Onda türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň esasy ugurlary kesgitlenip, taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda işjeňleşdirmäge çalyşýandyklary tassyklanyldy. Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ilerletmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz we Bahreýniň Patyşasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler. Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitinde durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmek, syýasy-diplomatik ulgamda ysnyşykly hereket etmek, iki ýurduň tebigy hem-de geografik artykmaçlyklaryny nazara alyp, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maýa goýum, ulag-logistika ugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamda ýola goýlan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bilen bagly meseleler türkmen-bahreýn gepleşikleriniň esasyny düzdi.
Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berilýär.