22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.
Dip­lo­mat du­şuş­ma­ga we ýo­la goý­lan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni hem-de ony ös­dür­me­giň gel­jek­ki ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň adyn­dan we hut öz adyn­dan hormatly Arkadagymyzy Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­le­nil­me­gi hem-de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri diý­lip ka­nun esa­syn­da yk­rar edil­me­gi bi­len gut­la­dy. Mer­ke­ziň ýol­baş­çy­sy BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň işi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw­la­ry üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di we Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Na­tal­ýa Ger­ma­na BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­sin­de iş­län döw­rün­de Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tün­lik­li ös­dü­ril­me­gi­ne go­şan şah­sy go­şan­dy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di we pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky hoş­ni­ýet­li ar­zuw­la­ry­ny BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­ri­şe ýe­tir­me­gi ha­ýyş et­di. Şeý­le hem türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Na­tal­ýa Ger­ma­na BMG-niň Ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça ko­mi­te­ti­niň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ra­ty­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry we­zi­pe­sin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, ony Türk­me­nis­tan­da hor­mat­ly myh­man ýa-da BMG-niň res­mi we­ki­li hök­mün­de gör­mä­ge he­mi­şe şat­dy­gy­ny aýt­dy.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len köp­ta­rap­la­ýyn stra­te­gik gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da top­la­nan tej­ri­bä esas­lan­ýan gat­na­şyk­la­ryň äh­lu­mu­my ösü­şiň tä­ze ugur­la­ry­ny hem-de mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni öz içi­ne al­mak bi­len, çäk­le­ri­ni bar­ha gi­ňeld­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­ler ta­ra­pyn­dan iki ge­zek yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne eýe bo­lan Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi bi­len köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri bel­le­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýan ýur­du­my­zyň se­bit­de dur­nuk­ly ösü­şi, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny sak­la­mak hem-de ola­ra gol­daw ber­mek işin­de BMG-niň yg­ty­bar­ly we stra­te­gik hyz­mat­da­şy­na öw­rü­len­di­gi nyg­tal­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, hal­ka­ra de­re­je­dä­ki dur­nuk­ly ösü­şiň ber­ki­dil­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýan döw­let hök­mün­de yk­rar edil­di. Hä­zir­ki za­ma­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň hem-de we­zi­pe­le­ri­niň de­ňe­çer çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da wa­jyp or­ny eýe­le­ýän ýur­du­myz bu ugur­da anyk iş­le­ri ama­la aşyr­ýar. Şeý­le hem Türk­me­nis­tan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­ýär. Bu bol­sa Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýo­ka­ry ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär.

* * *

Şol gün Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­sin­de BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň Ýö­ri­te we­ki­li, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Na­tal­ýa Ger­man bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň giň ugur­lar bo­ýun­ça, şol san­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, ener­ge­ti­ka, ulag, eko­lo­gik me­se­le­le­ri çöz­mek, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­lyk uzak möh­let­le­ýin hä­si­ýe­te eýe bol­mak bi­len, yzy­gi­der­li ama­la aşy­ry­lyp, anyk ne­ti­je­le­re ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra çä­re­le­re, şol san­da Mej­li­siň gu­ra­ýan fo­rum­la­ry­na gat­naş­ma­ga dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, ola­ryň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da nyg­ta­dy. Şeý­le­lik­de, bu çä­re­le­riň ne­ti­je­le­ri se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Soň­ky bäş ýy­lyň do­wa­myn­da Na­tal­ýa Ger­ma­nyň ýol­baş­çy­lyk eden BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň işi­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy bu dü­zü­miň we­zi­pe­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne ky­bap gel­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, 15 ýy­lyň do­wa­myn­da bu dü­züm hä­zir­ki za­ma­nyň köp san­ly me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­ny Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len bag­la­nyş­dyr­ýan yg­ty­bar­ly bin­ýat hök­mün­de özü­ni gör­kez­di.
Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gin­de, ýur­du­my­zyň öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na gol­daw ber­mek­de Na­tal­ýa Ger­ma­nyň ägirt uly şah­sy go­şan­dy bel­le­nil­di. Şeý­le-de, se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ze­nan­la­ry­nyň dia­lo­gy­nyň ber­ki­dil­me­gin­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi nyg­tal­dy.