ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň başlangyçlary 2018-nji ýylda ýurduň ykdysadyýetiniň ösüş depginini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu barada “S&P Global Ratings” (S&P) reýting gullugy habar berýär. Gullugyň taýýarlan beýanatyna görä, Donald Tramp prezident wezipesindäki 100 gününi doldurdy. Onuň şu wagta çenli gol çeken karardyr resminamalary ýurduň ykdysady ösüşine öz oňyn täsirini ýetirer. Salgyt pajynyň azaldylmagy, infrastruktura boýunça öňe süren teklipleri 2018-nji ýylda ýurduň ykdysadyýetiniň 2-2,5 göterime barabar ösüş gazanmagyna mümkinçilik berer.
2017-nji ýylda ýurduň ykdysady ösüş depgininiň 2,4 we 2018-nji ýylda bolsa, 2,9 göterime deň boljakdygy çaklanylýar.