Ýaponiýanyň hökümeti Russiýadan satyn alýan nebitiniň hem-de tebigy gazynyň möçberini artdyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada “Rossiýa-24” teleýaýlymyna beýanat beren Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Hirosige Seko habar berdi.
– Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýa nebitiň we tebigy gazyň uly möçberini Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan satyn alýar. Ýurduň hökümeti satyn alýan uglewodorod serişdeleriniň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyryp, demirgazyk ugry boýunça Russiýadan nebit we tebigy gaz satyn almakçy. Ol hem ýurduň energetika howpsuzlygy üçin möhüm bolup durýar – diýip, ýapon ministri gürrüň berdi.
Şu ýylyň 5-nji aprelinde Saud Arabystany Ýewropa bazary üçin nebitiň bahasyny arzanladyp, aziýaly we amerikaly müşderileri üçin bolsa, nyrhy ýokary galdyrdy.