Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gatnajak täze ýokary tizlikli otlyny öndürmäge girişildi. Tizligi sagatda 400 kilometre çenli ýokarlanmaga mümkinçiligi bolan otlynyň 2020-nji ýylda Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýurtlaryň peýdalanmagyna şert dörediler. Bu barada “China Railway Rolling Stock Corp.” kompaniýasynyň golçur kärhanasy “CRRC Changchun Railway Vehicles Co”-nyň baş inženeri Sýao Fen habar berdi.
Hytaýyň kompaniýasy tizligini çaltlandyrmaga mümkinçiligi bolan otlynyň önümçiligine girişdi. Bu otlulary uzak aralykdaky gatnawlarda peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Onuň önümçiliginde täze materiallar ulanylar. Olaryň hatarynda uglerod ýüplügi we alýumin ergini bolar.
Täze otlular Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ilerlemegine oňyn täsirini ýetirer. Olary 2020-nji ýyla çenli bazara çykarmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Merkezi Aziýadaky, Günorta-Gündogar Aziýadaky hem-de Ýakyn Gündogardaky ýurtlar ýokary tizlikli polat ýollaryny gurmagy meýilleşdirýärler ýa-da bar bolan ýollaryny döwrebaplaşdyrmagy göz öňünde tutýarlar.
Hytaý 2013-nji ýylda “Bir zolak-bir ugur” ykdysady ösüş strategiýasyny öňe sürdi. Şol strategiýanyň esasynda Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak maksat edinilýär. Bu ýerde Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwda gatnaşyklaryny hem-de gönüden-göni haryt daşamagy ýola goýmak barada gürrüň barýar.