7-nji martda paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.
Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň döwlet düzümleriniň ýokary wezipelerinde işleýändikleri, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekip, giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşýandyklary nygtaldy. Çärä gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda her bir maşgalanyň abadançylygy hem-de çagalary terbiýeläp ýetişdirmek üçin döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Şu günki dabaralar baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Şu ýyl zenanlarymyzyň 300-e golaýy “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp boldy.
Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, olaryň düzümleýin bölümlerinde, kärhanalarda we guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalarda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan zenanlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däp bolşy ýaly, pul sowgatlaryny gyz-gelinleriň ählisi, şol sanda talyp gyzlar, mekdepde okaýan hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlar aldylar.
Şu bahar günlerinde ähli ýerde gelin-gyzlaryň adyna mähirli arzuwlar we gutlaglar ýaňlanýar, konsertler, sergiler, bäsleşikler, dürli duşuşyklardyr beýleki çäreler geçirilýär.