Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri halkara derejede azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we berkitmek bolup durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlar bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasaty iş ýüzünde durmuşa geçirmek we halkara guramalar bilen geçirilýän çäreleri yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 9-10-njy martynda Aşgabat şäherinde “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.