“Türkiýede Prezident we parlament saýlawlary 14-nji maýda geçiriler. Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry, zerur bolsa, 28-nji maýda geçiriler” diýip, Türkiýäniň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Ahmet Ener žurnalistlere aýtdy.
-Biz 14-nji maýda ählumumy saýlawlary guramak barada prezidentiň kararyny aldyk. Eger-de Prezident saýlawlary iki tapgyrda geçirilse, ikinji tapgyry 28-nji maýda geçiriler – diýip, Türkiýäniň saýlaw toparynyň başlygy aýtdy.
Ygtyýarlygy iýun aýynda gutarýan Türkiýäniň häzirki Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 10-njy martda ýurtda geçiriljek umumy saýlawlary 14-nji maýda geçirmek baradaky karara gol çekdi. Şu gün bu resminama “Resmi Gazete” gazetinde çap edildi.
Türkiýedäki saýlawlar ilkibaşda 18-nji iýuna meýilleşdirilýärdi.