11-nji mart­da ABŞ-nyň Siettl şä­he­ri­niň “Şor­laýn Kom­ýu­ni­ti” kol­le­jin­de Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry hem-de nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ede­bi­ýat ag­şa­my ge­çi­ril­di. Çä­re Türk­me­nis­ta­nyň Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da­ky Il­çi­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan gu­ra­lyp, oňa ABŞ-nyň Wa­şing­ton şta­ty­nyň “Şor­laýn Kom­ýu­ni­ti” we “Kas­ka­dia” kol­lej­le­rin­de bi­lim al­ýan ta­lyp ýaş­lar, pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar hem-de ABŞ-da ýa­şa­ýan türk­men di­as­po­ra­sy­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Bu çä­re­de türk­men ta­lyp ýaş­la­ry türk­men we iň­lis dil­le­rin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi, onuň wa­tan­çy­lyk, ag­zy­bir­lik hem-de pa­ra­hat­çy­lyk ba­ra­da­ky giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan şy­gyr­la­ry we goş­gy­la­ry ba­ra­da pre­zen­ta­si­ýa­lar bi­len çy­kyş et­di­ler. Soň­ra çä­rä gat­na­şy­jy­lar öz­le­rin­de dö­re­ýän gy­zyk­lan­ma­la­ry, hu­su­san-da, Mag­tym­gu­ly­nyň eser­le­ri­niň ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk duý­gu­syn­da ter­bi­ýe­le­mek­de wa­jyp­ly­gy ba­ra­da so­rag-jo­gap ar­ka­ly pi­kir alyş­dy­lar.
Ede­bi­ýat ag­şa­my­na gat­na­şan­lar pa­ra­hat­çy­ly­gy we ag­zy­bir­li­gi wasp eden, mil­li gym­mat­lyk­la­ry wa­gyz eden Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga ba­gyş­la­nan bu çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler.