Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary G.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 11-15-nji marty aralygynda Manama şäherinde (Bahreýn Patyşalygy) geçirilýän Parlamentara bileleşiginiň 146-njy Assambleýasynyň işine gatnaşýar. Assambleýanyň işine 117 sany daşary ýurt parlament wekiliýetleri gatnaşýar.
Parlamentara bileleşiginiň Assambleýasynyň umumy garaýyşlary “Parahatçylykly ýaşamaga ýardam bermek we inklýuziw jemgyýet: çydamsyzlyga garşy göreşmek” atly temada jemlenendir. Bu bolsa wekiliýetlere agzalan ugur boýunça maslahatlaşmaga, pikir alyşmaga we parlament gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam edýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Parlamentara bileleşigiň Assambleýasynyň umumy mejlisindäki çykyşyň dowamynda häzirki wagtda parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, döwrümiziň meselelerine we howplaryna garşy durmak meselesinde dürli ýurtlaryň parlamentlerine uly orun berilýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy üpjün etmek, halk wekilçiliginiň, demokratiýanyň we kanunçylygyň esaslaryny berkitmeklik bolup durýandygy bellenildi.
Parlamentara bileleşiginiň Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Parlament wekiliýetiniň ýolbaşçysy Goşulyşmazlyk Hereketiniň Parlament torunyň ikinji maslahatynda çykyş etdi. Maslahatyň dowamynda pandemiýadan soňky dikeldiş ugrunda milli we ählumumy tagallalarda parlament goldawy we Goşulyşmazlyk Hereketiniň Parlament Toruny kämilleşdirmek boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Wekilçilik forumynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy parlamentara gatnaşyklaryň döwletara we hökümetara ylalaşyklary guramaçylykly durmuşa geçirmäge, medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary berkitmäge amatly mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Şonuň bilen bilelikde nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň mart aýynyň başynda Bakuda geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde eden çykyşynda döwletimiziň bu ugurda anyk garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň pikirine görä, häzirki wagtda koronawirus pandemiýasynyň netijeleri döwrüň örän möhüm we düýpli meseleleriniň biri bolup durýar. Olar diňe lukmançylyk ugurlary bilen çäklenmeýär. Bu mesele ählumumy ösüşiň syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlaryna täsirini ýetirýär. Bu bolsa, bu ýönekeý bolmadyk ýagdaýy ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň özara gatnaşyklarynyň täze usullaryny gözlemegi talap edýär.
Türkmenistanyň parlament wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda ähli ýurtlaryň parlamentleri pandemiýadan soňky dikeldiş ugrunda tagallalaryny goldaýarlar. Bu nukdaýnazardan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen meselelerde milli tejribeleri alyşmak maksadalaýyk bolup durýar.