Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: ”Ýurduň Esasy Kanunynda halkymyzyň demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmaga bolan islegi kanuny taýdan berkidilendir hem-de hereket edýän milli kanunçylygymyzyň esasy hukuk binýadyny düzýändir“ diýmek bilen, Esasy Kanunymyzyň Berkarar döwletimiziň berk binýadydygyny, onuň merdana halkymyzyň asuda, abadan ýaşaýşynyň gözbaşydygyny uly buýsanç bilen nygtaýar.
Her ýylyň 18-nji maýynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şatlyk-şowhunly, aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Bu şanly sene biziň ýurdumyz üçin ägirt uly taryhy ähmiýete eýedir, çünki 1992-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi biziň taryhymyzda täze sahypany açdy. Bu şanly waka döwletimizde halk häkimiýetliliginiň gymmatlyklaryny berkarar etmäge kuwwatly itergi berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Esasy Kanunymyz ynsany jemgyýetiň we döwletiň iň beýik gymmatlygy hökmünde ykrar etmek bilen, raýatlaryň hukuklarynyň hem-de erkiniň ygtybarly kepili, ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ähli türkmenistanlylaryň bagtly we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň pugta binýady bolup durýar.Türkmenistanyň Konstitusiýasy üýtgewsiz kadalary özünde jemlemek hem-de yzygiderli ösdürilýän resminama bolmak bilen, onuň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri, durmuşyň ähli ulgamlaryndaky sazlaşykly ösüşi hasaba almak arkaly üsti ýetirilýär hem-de kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde Baş Kanunymyz Arkadag Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ähli oňyn özgertmeleri, ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge täzeçil çemeleşmeleri özünde jemleýär.
Konstitusiýamyzda kesgitlenen ýörelgeler we kadalar, ähli ulgamlarda üstünlikleriň gazanylmagyna esas bolup hyzmat etdi. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen we dürli ýyllarda kämilleşdirilen ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň esasynda dolandyryşyň täze edaralary döredildi, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak amala aşyryldy. Raýatlara giň hukuklar we azatlyklar berildi, döredijilikli zähmet çekmäge we mynasyp durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredildi. Jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň we onuň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň ykrar edilmegi, Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlygynyň goraglylygy halkara ülňülerine doly laýyk getirildi.
2016-njy ýylda ýurdumyzyň Ýaşulular maslahatynyň gözel paýtagtymyzda geçirilen mejlisinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Bu kanunyň kabul edilmegi ýurtda başy başlanan konstitusion özgertmeleriň wajyp dowamy bolup, ol syýasy ulgamyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegine, döwletde we jemgyýetde yzygider demokratiýa başlangyçlarynyň, hususan-da, köp dürlüligiň we köp partiýalylygyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu işleriň möhüm netijeleriniň biri hem, Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek, ýurtda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesiniň girizilmegidir. 1991-nji ýylda milli Garaşsyzlygyna eýe bolan, 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ilkinji hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz dünýäniň köp döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy.
BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Baş edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) 19-njy aprelde geçirilen mejlisinde Türkmenistan 2018-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu wakalar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň abadançylygy ugrunda yzygiderli alnyp barylýan uly möçberli işleriň we umuman, milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň sekiz komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar. Şolaryň çäklerinde ýurdumyz halkara işlerini amala aşyrýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyz bäş gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy.
Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýasyny öz Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir. Biz döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini Esasy Kanunymyzda berkitmegi maksat edindik. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky gaýtadan kabul edilen taryhy Rezolýusiýa aýratyn möhüm ähmiýet bermek isledik diýip, milli Liderimiz belleýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni berkarar döwletimiziň her bir raýat üçin mukaddes bolan parahatçylyk, adalatlylyk, ylalaşyk hem-de döwletlilik ýaly düşünjeleriň beýik nyşany hökmünde aňymyza ornaýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň girişinde ata-babalarymyzyň eziz Watanymyza söýgini we wepalylygy, ýagşylyga hem-de adatlylyga ynamy mukaddeslik hökmünde nesillerimize wesýet etmegi tötänden däldir. Bu baýramçylygyň adynda halkymyzyň bir bitewi, kuwwatly we ösen döwlet gurmak hakyndaky köpasyrlyk arzuwynyň dabaralanmagy öz beýanyny tapýar.
Beýik akyldarymyzyň öz döwürdeşleri tarapyndan milletiň ruhy Konstitusiýasy hökmünde kabul edilen garaýyşlary Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer maddalarynda öz anyk beýanyny tapandyr. Magtymguly atamyz:
Pyragy yşka ugraşdym,
Derýa girdim, möwje düşdüm,
Hor galmasyn puştdan-puşdum,
Berkarar döwlet islärin
– diýmek bilen, şu günki eşretli zamanamyzy arzuwlapdyr.
Tutuş halkyň bu belent derejä ýetmegi üçin il-günüň jebisliliginiň, bir agza bakmagynyň zerurdygyny:
Türkmenler, baglasak bir ýere bili,
Gurudarys Gulzumy derýaýy-Nili
– diýen ajaýyp setirlerinde öz zamandaşlarynyň aňyna ýetiripdir.
Magtymguly Pyragynyň döredijilik zehini bilen dünýä inen goşgular türkmen halkynyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuwynyň senasyna öwrülip, asyrlarboýy türkmenleriň milli ruhunyň esasyny düzýän ähli ajaýyplyklary wasp edýär. Häzirki wagtda, ençe asyrlar aşsa-da, Magtymgulynyň belent ýörelgeleri, Watana bolan söýgüsiniň asylly duýgulary dürli döwletlerde ýaşaýan hemme hoşniýetli adamlara ýakyndyr we düşnüklidir, çünki her bir hakyky zehiniň hiç bir çäkleri bolmaýar hem-de ol wagta we giňişlige garaman, ynsan ýüreklerini bendi etmäge ukyplydyr.
Beýik şahyr türkmen nusgawy edebiýatyny kämilleşdiren, Gündogar edebiýatyny baýlaşdyrmaga täsirini ýetiren beýik şahsyýetdir. Häzirki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Magtymgulynyň eserlerini dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şahyryň eserleri türk, iňlis, nemes, hytaý we rus dilleri ýaly 20-den gowrak dile terjime edildi. Arkadag Prezidentimiziň Karary bilen 2014-nji ýyl meşhur akyldar şahyryň ýyly hökmünde ýokary derejede bellenilip geçildi. Türkmenistanyň iň gymmatly sylaglarynyň biri hökmünde ykrar edilen halkara derejeli Magtymguly baýragy şahyryň adyny göterýär. Şahyryň şanyna “Magtymguly” medaly döredilip, oňa ýurdumyzyň, daşary ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň, medeniýet, sungat işgärleriniň ençemesi mynasyp boldy.
Beýik akyldarymyzyň asylly ýörelgeleri onuň döwürdeşleri üçin öňe alyp barýan we özüniň öçmejek hakykaty hem-de ynamy bilen ýollary ýagtyldýan watançylyk çagyryşy, türkmen halkynyň ruhy we maddy gymmatlygy bolup ýaňlandy.
Şonuň üçin şanly 18-nji maý güni, türkmen halkynyň Garaşsyz ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününi belleýän güni biz öz gadymy taryhymyzyň beýikligine akyl ýetirip, ata-babalarymyzyň paýhasly wesýetlerine baky wepalylygymyzy, belent hormatymyzy beýan edýäris.
Bu şanly baýramçylyk döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygynyň, türkmen halkynyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, oňyn parahatçylygyň, döredijiligiň hem-de ösüşiň belent ynsanperwer gymmatlyklaryna we maksatlaryna ygrarlylygynyň beýanydyr.
Berkarar döwletimiz bu gün Mähriban hem Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýäniň iň ösen, barha rowaçlanýan döwletleriniň hataryna goşuldy. Biziň şu ajaýyp günlerimizi Magtymguly atamyzyň baryp-ha üç asyra barabar wagt mundan öň:
Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri-maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň
– diýmek bilen, şeýle anyk göz öňüne getirişine haýranlar galýarsyň.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde geçirilmegi berkarar döwletimiziň her bir raýaty üçin mukaddes bolan agzybirlik, asudalyk, jebislik… ýaly mukaddes düşünjeleriň belent mazmuna eýediginiň aýdyň alamatydyr!