UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň soňky 4 duşuşygy hem oýnalyp, çärýek finalçylaryň ähli-de belli boldy. Şoňa görä, Italiýadan 3 – “Milan”, “Inter”, “Napoli”, Angliýadan 2 – “Çelsi”, “Mançester Siti” Ispaniýadan “Real Madrid”, Germaniýadan “Bawariýa” hem-de Portugaliýadan “Benfika” UEFA-nyň iň uly klub ýaryşynda iň gowy 8 toparyň hataryna goşuldy. 2005/06 möwsüminden soň ilkinji gezek Italiýadan 3 topar çärýek finala çykmagy başardy. Çärýek finalyň, şol sanda ýarym finalyň bijeleri-de şu gün çekiler. Bije çekiliş dabarasy 16:00-da başlar. Bijede hiç hili çäklendirme bolman, ähli klub biri-biri bilen bije çekişip biler. Çärýek finalyň duşuşyklary – 1-nji oýunlar 11-12-nji aprelde, jogap oýunlary-da 18-19-njy aprelde oýnalar. Ýeňiş gazanan toparlar çekilen bijä laýyklykda 9-10-njy hem-de 16-17-nji maýdaky ýarym finalda duşuşarlar. Bu möwsümiň final duşuşygy bolsa 10-njy oýunda şenbe güni Türkiýäniň Stambul şäherindäki Atatürk Olimpiýa stadionynda oýnalar.

Ýewropa Ligasynyň çärýekdir ýarym finalynyň bijeleri 17:00-da, şol sanda Ýewropa Konferensiýa Ligasynyň bijeleri 18:00-da çekiler.