9-njy maýda Günorta Koreýada Prezident saýlawlary geçirildi. Onuň netijeleri boýunça “Toburo” Demokratik partiýasynyň dalaşgäri, 64 ýaşly Mun Çže In sesleriň 41,4 göterimi bilen ýurduň täze Prezidenti boldy. Ol öz wagtynda prezident administrasiýasynyň kätibi we ýolbaşçysy bolup işläpdi.
Ýurtda syýasy reformalary geçirmek döwletiň täze Prezidentiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Merkezi saýlaw geňeşiniň maglumatlaryna görä, ýurduň 13964 saýlaw uçastogynda ýaýbaňlanan bu syýasy çärä saýlawçylaryň 77,2 göterimi gatnaşdy.
Saýlawlarda jemi 13 dalaşgär öz dalaşgärligini hödürledi, ýöne hakyky göreş üç dalaşgäriň arasynda ýaýbaňlandy. Koreýanyň Azat partiýasynyň wekili Hon Çžun Phýo sesleriň 23,3 göterimini alyp, ikinji orna, Halk partiýasyndan An Çhol Su bolsa, sesleriň 21,8 göterimi bilen üçünji orna düşdi.