Italiýada dünýäniň iň uzyn asma köprüsi gurlar. Maliýe kompaniýasy “Bloomberg”-iň habaryna görä, bu desga Sisiliýa bilen ýurduň yklym böleginiň arasynda arasynda ýerleşer.
Şuňa meňzeş taslama gadymy rimliler tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Bu köpri birnäçe ýyl mundan ozal, Ministrler Kabinetine Mario Monti ýolbaşçylyk edýän döwründe gurulmagy maksat edinilipdi. Emma ýokary çykdajylary we inženerçilik kynçylyklary sebäpli taslamadan ýüz öwrülipdi. Meloniniň hökümeti bu pikire gaýdyp gelmek kararyna geldi.
Desganyň uzynlygy üç kilometrden gowrak. Aralyk daýanjy bolmadyk köpriniň gurluşygy boýunça işler indiki ýyl başlar. Italiýanyň infrastruktura ministri Matteo Salwini bu desganyň uglerod zyňyndylaryny azaltmaga kömek etjekdigine ynanýar. Mundan başga-da, köpriniň kömegi bilen Messinskiý bogazy arkaly syýahat has çalt we arzan bolar.
2022-nji ýylyň tomsunda Genuýada 2018-nji ýylyň awgust aýynda ýykylan Morandi köprüsiniň ýerinde gurlan San-Jorja köprüsi açyldy.